00:56 Bäş tapawut | |
|
Bäş sany zat bäş zat bilen oñuşmaz: Dostlyk hem Gedemlik. Sypaýylyk - Gödeklik. Zalymlykdan beýikligi agtarma, Biri-biri bilen dogan boluşmaz. Näçe ýalbarsa-a bir gysganç baýa, Syrnyh ýeke teññe bermez gedaýa. Ýalan kast edýändir Ynamdarlyga, Şulary ýat bekläp, ogrudan gora. * * * Sen aýala mydam geçirimli bol, Egri gapyrgadan ýasalandyr ol. Hudaý hem bilmändir ony göneldip. Sen göneltjek bolup, egäýseñ eger, Ol şarta döwler. El degirmän ýörseñ, hasam egreler. Adam, Hudaý eçilib-ä bilipdir, bize şeýle hüýr-melegi beripdir. Egme-de, döwme-de, aýtjak sözüm şol, Sen aýala mydam geçirimli bol! Iogan Wolfgang GÝOTE. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
