01:20 Başlygyñ sekretary | |
|
(Kinaýa) - Ýerindemi ol - diýip, Soraýsañyz birini, Jabjynar-da uçurar Keýpiñiziñ baryny. Bilmen, ýa eltmelimi Oña añry-bäriñi Kejiñ barypýatany Başlygyñ sekretary. Bilmedim, bu wezipä Niçik-neneñ geçipdir, Belki görüp başlygyñ Akyl-huşy gaçypdyr... Baksañ özüñ utanýañ, Göwüsleri açykdyr, Geýmez gyrmyz keteni Başlygyñ sekretary. Piñine-de däl onuñ Gatyrgan ýa öwüt ber. Kä gurşap dur daşyny Murtly, daýaw ýigitler Käte gaşyn bejerer, Käte çigit çigitlär, Şoldur bilen-biteni, Başlygyñ sekretary. Kän garaşyp bir goja: - Alla, kömek et! - diýdi. Daýza tutup ýakasyn: - Toba, neneñ bet! - diýdi. Özi türkmen bolsa-da, "Ýok" ýerine "Net" diýdi, Äsgermez ýüz tutany Başlygyñ sekretary. Görkezmedim iş ýerin, Tanarsyñyz barsañyz, Dyzyñyza suw iner, "Mümkinmi?" diýip dursañyz. Ýeri, ýokmy diýsene Pes pälli bir gül meñiz? Kimiñ ilen-çatany Başlygyñ sekretary? Şükür GURBANOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
