17:15 Batbörek | |
Týan-Şan. Başsaka. Diwana Jeýhun. Aral, Iñ soñky dem, Ölüm pillesi. Bahry-Hazar, Arasynda gomlaryñ Ortaýer deñziniñ asmanyn boýlap Garba sary uçup giden batbörek. Şondan soñ hemme zat ugrun üýtgedip, Uzak gözýetimde boldy janserek. A men orta ýolda tekeri sypyp Çöpe-çöre uran awtoulag ýaly Uly ýollañ kenarynda oturyp, Timisgenip süzme satýan daýza dek Her geçenden señ gepiñi yzladym. Sordum soñky döwür tozgasy artyp Sensiñ öýdüp hapalanan howany. Iriñ tutan öýkenimi mynçgalap Näçe jüwlünsem-de rehimsiz pelek Hoşlasynlar diýip iñ soñky gezek Getirmedi ne seni, ne zamany. Hernä, janym itiñ jany ýalymyş, Garşa eşdilse-de däl diýip çakda Yşkyñ wirusyna ýolugyp, soñam Içini pos tutup, ölýänler hakda. Men-ä öläýmedim. Gaýtam garaşdym Ýene dolanjagña umyt bildirip. Gelipsiñ Tañ etdiñ Indi bir gitme. Bardy-geldi bir gün gitjegem bolsañ Koronawirus dek ýokan badyña Git sen öldürip... Has TÜRKMEN. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
