22:10 Behişdi bedewler aýak goşanda | |
|
Aýlawy nazarlap, mähelle süýşýär, Behişdi bedewler aýak goşanda. Toýnaklar syçyrap, ak ýola düşýär, Behişdi bedewler aýak goşanda. Atlaň toýnaklarnyň astyndan çykan, Inçemik ak tozan göge galanda. Gyrsakar, Sabyrly hem-de Dorjeren, Behişdi bedewler aýak goşanda. “Çap atym, çap, görkez güýjüňi” diýip, Seýis zyňýar telpegini asmana. Soňam zyňşy ýaly, gapybam alýar, Behişdi bedewler aýak goşanda. Bedewler türkmeniň jigeri-jany, Duýýaryn men oňa her dem duşamda. Toýlaryň bezegi, mertebe-şany, Behişdi bedewler aýak goşanda. Seýkin ýöreýişleň özi bir aýdym, Ylham alýar, şahyr halky joşanda, Ýyndamlykda, gözellikde taý gelmez, Behişdi bedewler aýak goşanda. At münen uçrandyr buýsançly başa, Ganat kakýar bagtyýarlyk zamanda. Arkadagly ýurtda toýdur-tomaşa, Behişdi bedewler aýak goşanda. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
