00:34 Belent şahsyýet boluñ | |
Ýüregimden önen gudrat - Ýañaklary bägüllerim... Ýene size wesýet edýän gyzlarym hem ogullarym. Döwletiñiz - manadyñyz artsyn - dursun her ýyl saýyn. Emma manat diýen zada çakdan aşa bolmañ maýyl. dünýädäki bar manady ýygan adam ýokdur entek. Hannas bolmañ, husyt bolmañ, iýmez-içmez karunlar dek. Maşynyñyz täze bolsun, köne bolsun dost-ýaryñyz. Kesellemäñ! Her ýyl artsyn kuwwatyñyz - mydaryñyz. Maşyndan-da, manatdan-da, dost-ýardan-da, kuwwatdan-da zyýat zat bar, perzentlerim, diñläñ birdem, pikir beriñ. Boluñ belent bir şahsyýet, belentligi ediñ niýet. Gujur bilen ädim ädiñ, ...emma belent boljak nädip? Ýokdur size salgy berjek, giñ ýollarym - şaýollarym. Ol ýollary günde gözläñ, gyzlarym hem ogullarym. Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
