19:48 Beýik bilen pes | |
Boý alan daragt ygyşagynda, Gögeripdir görebilmez bir gyzgan. Gara net ot alyp oñ gursagynda Kemterlik edipdir ýerdäki yzgar. Gözi gidip goñşusynyñ boýuna, Şeýle hyýal getiripdir küýüne: - Boýy gurmuş, kesilsedi kökleriñ, Görsedim şahalañ gurap galanyn, Menem beýdip oturmazdym bökdenip, Deñiñden öterdim seniñ ýalagyñ. Çapyp oda ýaksadylar "jesediñ", Menem hezil edip baksam keseden... - Wagt ötüp daragtyñ egilip başy, Sogruldy kökleri. Bu niçik ahwal?! Daragtyñ astynda serilip "läşi" Ýatyr hälki gyzgan. Gör niçik ykbal! Haýyr rüstem geler elmydam şere, Beýikleñ "Jesedem" ýükdür peslere. ■ GIJIGEN YLHAM Şeýle boldy. Orta ýaşly birisi, Bir ajap sungata edende höwes. Geçdiler daşyna, bolşuny geñläp: - Kyrk ýaşdan soñ dutar öwrenmek hebes. - Boljak oglan başdan belli bolýandyr, - Bu ýaşdan soñ gurjak niçiksi binýat? ...Älaýt, walla, onda altmyş ýaşdan soñ Niçik ussat boldy Rabindranat?! 1979. * * * Bu gün ähli zada çekýäs atanak. "Täze döwre täzeçillik ýaraşar" Şeýle gep bar geçmişini atan ok, Gelejekden beterrägne garaşar. Bir aýakdan sürmelimi hemmäni, "Düýn biri şeýlemi - barysy gende". Oýlanalyñ, syndyrýasmy kelläni, Hat-da dört-bäş ýara bolanda tende. Aýanlym, Adalat - müdimi isleg, Ynsaba, Wyždana hem Paýhasa - täç. Ýöne özün "täzeçillige" besläp, Şerraýlyk edýänden ediñ ätiýaç. 1987. Gurban REJEBOW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
