20:34 Bir öwüt | |
(Adamkärçilik barada) Men kän gördüm pil deý çişip gabarlan, Giñ göwreli, demir tenli adamy. Görsemdim men işi bilen tanalan Adam bolan çyn hakyky adamy! Kim şatlanmaz, demir, polatsyz synsa Ýa suw çyksa onyñ basan yzyñdan! Ne peýda bar güýjüñ piliñkä dönse, Işiñ bolsa serçeleriñ dyzyndan! Her bir işler gelip geçse eliñden, Yzy mälim bolsun tämiz namysyñ. Güýjüñe buýsanma, gider goluñdan, Ärligiñe buýsan çyn adam bolsañ! Her bir ädimiñde dogrulyk bolsun, Ak ýüregiñ saplygyny görsünler. Gyljyñ däl-de, dogrulygyñ ýol alsyn, Wepañ bilen güýçlüligiñ bilsinler. Işe peýda bermän, biliñ guşama, Düz ýerde bir tümmek bolup ýaşama! Seniñ ömrüñ maýak bolsun-da ýansyn, Soñky ösdürimler görelde alsyn! Otda bişen kerpiç añsat döwülmez, Işde bolan demir asyl pos almaz. Iş görkezen äri ili unutmaz, Polat yzyñ mähri asyl-ha ýitmez! 9 dekabr, 1943. Tatarçadan terjime eden: B.Kerbabaýew. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |