• Wladimir Solouhin hakda Wladimir Alekseýewiç Solouhin 1924-nji ýylda eneden boldy. Ilkinji kitaby "Sähradaky ýagyş" ady bilen 1953-nji ýylda çap edildi. "Огонёк" žurnalynyň redaksiýasynda işlän döwründe ol ýurdumyzyň köp ýerlerinde bolup gördi. 1954-nji ýylda Gazagystana gelip, ol tarp ýer epopeýasynyň başlangyjynyň şaýady boldy. Baý materiallar esasynda dörän "Zernogradyň dogluşy", "Mawy deňziň aňyrsynda", "Altyn düýp" ýaly oçerkler we goşgular ýygyndysy ýaş ýazyja şöhrat getirdi. W.Solouhin şahyrmy ýa kyssaçy? Şeýle soraga birbada jogap bermek kyn. Sebäbi, onuň goşgular ýygyndylary bilen bir hatarda prozanyň ajaýyp nusgalary bolan "Wladimiriň ýollary", "Çyg damjasy" atly liriki powestleri bar. Şu powestleri okanyňdan soň, W.Solouhiniň öz ülkesine aşyk, sözüň iň bir inçe äheňlerine düşünýän şahyrdygyna göz ýetirýärsiň. Şahyryň goşgularyny hem-de prozasyny okap, biz içki dünýäsi baý, adama aşyk adamy görýäris.
* * *
Bir zenan bilen men dynman öpüşdim, Uzak gün öpüşdim, Mährim ganmady. Gün geçdikçe welin gussa ýetişdim. Iç gysyo, Bir meňzeş bulutly göge Her näçe baksam-da, Gussam galmady. haňlap, Weýran boldy köňlüm saraýy. Ömürylla öpüşmedik ýaly men. Duzsuz posalardan tapman haraýy, derdim ýeňletmeli boldum Meý bilen.
* * *
Bir zenan bilen men tokaýda gezdim, Dalaşmadym Boýnuna gol ýetirip Öpüşjek bolmadym - Özüme dözdüm. Diňe ýapdan geçirdim men Göterip. Göni görejime ol gamly bakyp, Jany-teni bilen gysmyljyrady. Çabran gyzgyn demi Ýüzümi ýakyp, Ganym bilen damarymda ýöredi. Gün geçdikçe giňäp Köňlüm saraýy, Birzarba içen dek Bir çüýşe meýi, Yşkyň humaryndan başym aýlanýar. Onuň gyzgyn demi Aýrylman şindem Çabraýar, Howrundan çekgelem ýanýar Ol howur göterlip ýitäýer öýdüp, Ýüzüme el degrip bilmeýän indem, Aýal söýgüsiniň boluşyn hemdem!
Öñem biri "pul bilen bagtly bolup bolanok diýýäler, diýip geçsinler. Men "Ferrariniñ" içinde möññürip aglamaga razy!" diýenmiş. Köñli öldürýän duýgularam wagtlaýyn, ýaşardýan duýgularam wagtlaýyn, barsy geçip gidýär. ("Bir dem ganymatdyr oýnap güleniñ, Ahyry aglarsyñ, güleniñ galar" -Magtymguly.). Şoñ ü.n beý diýmäweriñ, Keýigokara hanym, bir posa ü.n diñe köñlüni däl, özüni öldürjeklerem kändir... :)
Şahyr nähili duýgy bilen ýazdy goşgyny. Şahyryň ynanjy bilen siziň ynanjyňyz gabat gelýärmi? Hudaý biler nämeler ýaşady-da ýazdy o tema bilen bilip bilerismi? Oturan ýerimizden ahlak goragçysy bolaýýas käwagt. Şahyr bende yşk diýýär, meý diýýär, biz näme diýýäriz, Hudaý biler. Klawiatura gahrymany her kim 100% ahlaklymy? Muny pikirlenmek biziň işimizmi? Bize peýdasy näme? Her kim öz gapysyny arassalasa ýeterlikdir...
"Kim ahlak garawulçylygyny çekýän bolsa, şondan beter ahlaksyz ýokdur". F.Nişse. Bu sitatany umuman gep ugruna aýdylan söz kabul ediñ, özüñize çekäýmäñ, Keýigokara hanym. @Baharaly hanymyñ teswirindäki pikirleri doly goldamasam (soñuny biraz gödegräk darady), umuman goldaýan. Janyñyz sag bolsun, öz nikiñizden goýýan gowy goşgularyñyza garaşýarys.
Hanymmy? :)... Bilmän diýdiñiz öýdýän, Haweran! Tanamadyk sylamaz diýýar turkmen aga. Biz ýöne tanaşmak sylaşmak ûçinem däl, hanym-jenaplygy anyklamak üçinem däl-de sagdyn pikir alyşmak üçinmikäk diýýärdik bu meýdança.
Onsoñam Magtymgulyñ goşgusydygyna ynanýarsyñyzmy o setirleñ?!
Kim kimler näme üçin ölýär? Kimler nämeden meçew alýar. "Utanmasañ isläni et" diýip bir ýerde-hä okadym.
Hiç bir agzany, şol sanda Sizi aýratyn tanamak ýaly aladam-derdim bolmady, indem bolmazmyka diýýän. Häzire deñiç siziñ kesgitläp beren "sagdyn pikir alyşmak" düzgüniñiziñ çäginden çykdy hasap edip boljak ýeke söz ýa sözlem aýdan ýerim ýok. (Wagtal-wagtal saýty bulamak ü.n on dürli nikden girip, bulagaýlyk eden birküç sany kimdigi mälim käbir bulagaýlardan daşgary). Ýöne bilmedim, her hili kabul edip bolýar, aýdylan sözi. Bul eýýäm siziñ añyñyzyñ öz fantaziýasy bolýar. Onuñ bize dahylly ýeri ýok.
* * *
Magtymgulynyñ goşgusy däldigine diñe şübhelenmek ü.nem, şübhelenýändigiñi il ortasyna aýtmak ü.nem eliñizde birgiden esasly delil, tekstologiki derñewleriñ netijesi bolmaly. Haçanda, göwnüñize ýaran setiri bolsa-ha Magtymgulyñky, ýaramasa-da "oñky däl bolaýmasyn?.." Ýok oñ ýaly zat.
* * *
Ölüm saýlawynda-da, isläniñi edip-etmezlik meselesinde-de adam erkin. Islän zadyñ ü.n ölübem, ýaşabam bolýar. Islendik zady ideal derejesine ýetirip, ugrunda gurban bolubam bolýar. Mesele, ugrunda ölmek isleýän zadyñ ü.n mertlerçe ölüme döz gelip bilmekde ýa-da ugrunda ýaşamak isleýän zadyñ ü.n ölümiñ üstünden geçip ýaşaýşa gujak açmakda.
* * *
F.Nişse "takwalygyñyzy Hudaýa görkeziñ, maña adamkärçiligiñiz bes..." diýer eken, menem käbir adamlaryñ gulagyna şony pyşyrdasym gelýär. Bir ýerlerden okan zadyñyz öz gözýetimiñizi giñeldip, düşünjäñizi artdyryp biler, emma başga birine utanç-haýa, ahlak babatda nämedir bir zatlary igenmäge hukuk berip bilmez.
Şo on dürli nikden girýänleriň kimdigini bilýän bolsaň aýdaýmaly-da, şu ýerde hemme biler ýaly, tanar ýaly. Soň hiç kim gaýtalamazdy, saýty bulajak bolmazdy.
"...Islendik zady IDEAL derejesine ýetirip, ugrunda gurban bolubam bolýar..." Ullakan sagbol! Şu sözlemi bezeýän "ideal" sözümikä!? Käbir zatlary şeýlebir beýan edesim gelýär welin, hiç başaramok, özümiñ türkmen däldigimdenmikä?!
Köne gazetlerde nahili gowy goşgular, okanyña degýän zatlar çap edilipdir. Şeýle añ-düşünjäniñ ösen döwründe ýaşasagam, 1965-nji ýylda çap edilen şeýle eserleri okap bolanok.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]