10:31 Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... | |
Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan, Eý, pikirler jeňňelin doly dolan ot bilen. Bu gün gülüp geldiň sen, zyndana açar bolup, Mätäçlere Taňrynyň keremin açan bolup. Güne perdegär sensiň, umyt ediljek är sen, Başlangyçda hem soňda, ähli zatda sen bar, sen! Köňüllerde orunly, duýgulary bezän sen, Öz dilegiň beren sen, öz-özüňden dilän sen. Eý, deň-taýy bolmadyk jan bagyşlan permanly, Sen başga, ähli zat kesel, sensiň onuň dermany. Ol al-hilä aldanyp, bigünä kinä düşdük, Hüýr gyzlardan serhoşduk, nan, çorbadan serhoşduk. Serhoşlyga syn et sen, oýna seret, goý, oýny, Bir döwüm çörek iýmek bu hadysa golaýmy? Göze görünmez ussa, düşürer ýüz-müň meýle, Tümlük ýagtylyk duşar – jende ýeňersiň şeýle. Eý, beýik är, «Repbim, halas et» tap, pursat, Ant içýän bulaň bary-asylsyz zatlar, görsek. Dym indi, men howlukmaç - tuguň teýinde biliň, Galamy döw, kagyzy zyň, saky göründi, geliň! | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
