10:52 Biwepa | |
|
"Söýýän"-diýseñ çyn ýürekden öýdenim, Diñläp-diñläp çyn söýgümiñ aýdymyn, Orta ýolda ýalñyz goýup gaýdanyñ, Ýadyñdamy? Armanly ýol biwepa. Sen ömürlik "Taýym"- diýip, geregim, Her pursatda ytygsardy ýüregim. Weýran edip ilki söýgiñ diregin, Soñ bagtyny tapan ýok,bil, biwepa. Yşkyñ odun alowlatdym söýüp men, "Ýollaryma çyrag bolar" -diýip men, Galyberdim öz oduma köýüp men, Kalpda közdüñ, indi buz bol biwepa. Bu ýürekler seýil bag däl,ýaýnara, Tüñçe-de däl, hemme üçin gaýnara, Yşkyñ oýny oýunjak däl oýnara, Gözbagçy deý, atynma şal biwepa. Sanjar ANNAGYLYJOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
