20:56 Biz parahatlyk isleýäris | |
|
Ýañy dälmi bütin dünýä goh berip, Faşistleriñ uruş odyn ýakany?! Ýañy dälmi parahatlyk ugrynda Derýa bolup gyzyl ganyñ akany! Ýañy dälmi garry enäniñ gara göz Eziz oglyn ugradany uruşa. Ýañy dälmi ýaş geliniñ söýgilsin Ýitirip, göziniñ dolany ýaşa. Ýañy dälmi şinelini çykaryp, Soldatyñ öýine gaýdyp geleni; Ýañy dälmi halkyñ gaýdan gutulyp, Azat zähmetinde demin alany! Ynha ýene trumenler, çerçiller Ýer ýüzine ýaragyny bulaýlap, Jan howlyna uruş odyn ölçerýär, Ganly hanjarlarnyñ ganyny ýalap. Biz dynçlyk söýýäris, biz urşa garşy. Biz azat zähmetiñ tarapdarlary. Uruş bolmaz, islese-de yrsarap, Dünýäniñ gan içen maýadarlary. Uruşdan üstün çykar adamzat erki, Dollar, atom çözmez adam ykbalyn. Parahatlyk üçin goýdy her ýerde Jarnama astynda millionlar golyn. Ol gollar güýçlidir topdan, tüpeñden Olarda ýeñilmez ynsan güýji bar. Dünýä gözelligin döreden ynsan Ýykdyrmaz hiç ony, beladan gorar. Aman KEKILOW. # "Ýaşasyn parahatlyk" / Türkmendöwletneşir, 1951 ý. | |
|
| |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
