21:50 Boks | |
Ringde iki adam uruşýar, Sypaýyçylyga ýer ýok arada. Holha, biri jaýdar urdy ýumrugy, Oña bolsa gykuw berýär märeke. Iki adam çyny bilen uruşýar, Ýüzi-gözi diýmän, ýelmeşip durlar. Bu nä beýle bolýar, indem ahyry, Asyl mylakatly elleşip durlar. Biri ýeñdi, beýlekisi ýeñildi, Ýañlanyp dur ýeñijiniñ aýdymy. Bu ýerde hiç hili ýalñyşmaly däl, Birden ýalñyşaýsañ işiñ gaýdany. Onsoñ diñe indikiñe sapak bor, Ýogsam ahmal galsañ düzederli däl. Olar bir-birine ary bar ýaly, Ýöne olar bir-birinden arly däl. Gujaklaşýar ýeñen bilen ýeñilen, Orun goýanoklar öýkedir kinä. Beýle-de bir mertlik boljak ekeni, Wah, durmuşam şeýle bolan bolsady, Ýöne... Toýly ÖWEZOW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
