06:46 "Bu durmuşyň lüýge dönen ýolunda..." | |
|
Bu durmuşyň lüýge dönen ýolunda, Yükün çeke bilmän, gaçyp ysgyndan, Batyp galjak bolan ýükçi ynsaba, Iýdiripdim gamçy baryn gysganman. Başga kişiň bar getiren bagyna, Düşjek bolsa, aç duýgulam – galtaman, Alyp olaň gözleriniň oduny, Ýazgarypdym, ömür-ömür ýalkaman. ADAM adyn salman aýak astyna, Başym täji ýananlarym – tütänim. Dilegim soňky dem bolsun nokady, Hem manyly bolsun ömür kitabym! Muhammetöwez ARRYKOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
