17:12 Bu söýgi däl, ýöne... | |
Bu söýgi däl, ýöne ýüregim gyssa, Başga hiç kimi däl, seni ýatlaýan. Bilýän dälsiň, meni biparh goýmaýar Seň dünýäň, durmuşyň, gussaň, şatlygyň. Kimdendir adyňy eşden mahalym, Ýüregim ýerinden gidýär gobsunyp. Bagt hakda oýlansam, arzuw edýärin Bolmagyny seniň üçin gowsynyň. Wagt hakda oýlansam, özüm ýadyma düşmän, gyýylýan seň geçýän ýaşlygňa. Gözlerimden gitmeýär hiç Gün nury düşüp lowurdaýan gara saçlarňam. Başarmadym ýüregimden çykaryp, Çykaryp bilmedim gelip ýüzüňe. Dünýede sen ýaly ýok ahyr başga, Ýeketägim, seni kime dözeýin?! Seni ýitirerin, hijem tapmaryn, Kalbymyň ýarasy bolarsyň – köne. Gözlemden damjalar syrygdy durdy, Bu söýgem däl… Ýöne… Gülnar BAÝLYÝEWA. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
