02:39 Çaadaýewe | |
|
Söýginiñ, umydyñ, ümsüm şöhratyñ Başymyzda durman aldawy-aly, Sowuldy ýaşlygyñ oýun-bazlary Düýş ýaly, säheriñ dumany ýaly. Ýöne heniz isleglermiz lowlap dur, Häkimligiñ düteminiñ astynda Bir tükenmez, kanagatly kalp bilen Diñ salýarys ýurdumyzyñ sarsgynna. Biz mukaddes erkinlige garaşýas, Göýäki ýüregi hem bagry bilen Bagtly duşuşyga garaşýan ýigdiñ Tükenmez takaty hem sabry bilen. Erkinligiñ gursagmyzda tolkunşy Barka ýüregmizde namys-ygrarmyz, Dostum, kalbyñ iñ ajaýyp galkynşyn Bu mähriban ýurda bagş edeli biz. Ynan, dostum, bir gün parlak ýyldyzmyz ㅡ Bagt ýyldyzmyz galkar asmana sary. Rossiýa ukudan silkinip galar. Häkimligi ýykyp-ýumrup, ahyry Oñ daşlarna biziñ atlarmyz ýazar. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. ■ ÇAADEÝEWE Söýgi, umyt hem-de şöhrat Aldamady uzak zaman. Ýaşlyk çaglar boldy sumat, Göýä uky, göýä duman. Zulm etse-de labyr salyp, Joşýar bizde arzuw bary. Ýüreklermiz teşne bolup, Diñleýär eziz diýary. Sabry elden giden ýaly, Aşyky-magşuk mysaly, Garaşýarys biz şatlyga Hem mukaddes azatlyga. Ardyr namys bize ýarka, Erkinligi nagş edeli. Ýüreklerde gaýrat barka, Watanmyza bagş edeli. Ýoldaş, ynan: dogar hökman Bagt ýyldyzy ㅡ dil şadymyz. Rossiýa galkar bigüman, Ýumrular tagty-eýwanlar, Oñ üstüne mähribanlar Ýazarlar biziñ adymyz. Terjime edenler: Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW, Bagşy JÜRMENEK. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
