17:59 Çagaly öý | |
Bar zat çalam-çaşdyr çagaly öýde, Dürli oýnawaçlar çaşyp ýatandyr. Ol ony bir ýerde goýarmy heý-de, Birin orta, birin burça atandyr. Çaga öýde bolsa, ol öz ýerinde, Nämüçin biderek gözýaş dökýär ol? Miweli baldak bar oň depderinde, Ýeri, nämäň suratyny çekýär ol? Dermansyzam bolmaz çaga bolan öý, Birden sowuklar-da, gyzdyrar ýatar. Gözüň nury öçen goşa nokat deý, Gijeler agzyna aspirin atar. Çaga öýde. Ol sagaldy bireýýäm, Hakykat hem bar nurly zat bar bolsun! Bar ýere nur saçýan güneşi söýýän Çagalara oýun mydam ýar bolsun! Gümmürde, gök, hany, ýaň salyp göge, Dünýä giň, ajaýyp bahar paslynda. A, meň üçin bolsa öýdekä çaga, Şol öýden giň, gözel ýer ýok aslynda! Lýudmila ŞIPAHINA. Rusçadan terjime eden Sapar ÖRÄÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |