23:06 "Çagam diýdi eljagazyn uzadyp..." | |
|
Çagam diýdi eljagazyn uzadyp: - Asman ýyldyzyndan üzüp bersene. Diýdi ýene bir täsinje söz edip: - Boýunjygma düzüp-düzüp bersene. Diýdim men: - Ýyldyzlar sadaba meñzeş, Ol bolsa Baltika şöhle saçyp dur, Neneñsi üzeýin asman sadabyn, Ol şäherden ol şähere göçüp ýör. Lowurdañ ýyldyzlar, patrañ ýyldyzlar, Size bakyp, arzuwlara bataýyn. Bardy-geldi bu jahandan gitsem-de Dynçlyk diýip, güneş diýip öteýin. Sen bolsañ, çagajyk, göwün ýüwürdip. Yzymyzdan assa basyp geliber. Aglamagyñ islemerin, bilip goý, Şadyýana jykyr-jykyr gülüber! Dumly-duşda doganlarña guwan sen Bes etmesin ganatlaryn uçmasyn! Göreşeliñ: goý ýaraglar göçmesin, Hemem asman ýyldyzlary öçmesin! Mariýa MASIÝAUSKENE, Litwa. Rusçadan terjime eden: Saparmyrat ÖWEZBERDIÝЕW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
