02:55 "Çakyz çäkli, çäksiz çakgan durmuşym..." | |
|
Çaksyz çäkli, çäksiz çakgan durmuşym, Saklan biraz, Nirä barýañ howlugyp? Säwlik edip, şowsuz çykan her işim, Umyt bilen ýorup ýörün gowluga. Señ ugruña bolup, ümezlän başym Ulaldym men ýaşlygymy unudyp. Saraldym güýz bolup, agardy saçym, Saklan biraz, dem alaýyn uludan. Nepesim ýetjek däl, seniñ bolşuña, Aglaýyn men aglamaly ýerinde, Gülenimde güleýin öz hoşuma, Gaýgy-gussam egiseýin derdimden. Tagapyl et, senem dynç ber özüñe, Synlap dünýäñ peýzaźyny endigan Lezzetin alaýyn sylyp ýüzüme, Ýogsa, Arzuw ýüregimde endirär. Beýhuş bolup, Sop başyma galgadan, Ýük bolan gaýgylarymy kowaýyn, Sen howlukma, gaýtalanmaz ýañadan, Ýygnan mysgal şatlygymy sowaýyn. Indi ýakynlaşdy barjak menzilim, Gözýetimde, ümür gaplan görnüşe, Howlukmaly, goý meñzese meñzesin. Çaksyz çäkli, çäksiz çakgan durmuşym! Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 10 | |||||||||
| |||||||||
