11:18 Daglar | |
Saba bilen saňa çyksam seýrana, Al-ýaşyl öwüsgen, lybasly daglar. Tämiz howaň gaýrat getir bu jana, Düşegiň halyly, palasly daglar. Dürli-dümen güller ysy saçylar, Seni görse gamgyn göwün açylar, Gawun-garpyz, bugdaý-arpa eçiler, Saňa zähmet çekseň, yhlasly daglar. Mart aýy sowulyp geçse sowugy, Garlar eräp, şaglap akar bulagy, Dürli dilde saýrar sülgün-towugy, Tilkili, towşanly hem barsly daglar. Dereleňde üzüm, hozuň, naryň bar, Maý aýynda çür depäňde garyň bar, Iýmişiň bar, injiriň bar, baryň bar, Şir-peleň gaplaňly, ýolbarsly daglar. Gurugoldan geçip ýetseň Miwede, Käkilikler saýraşarlar gaýada, Temençi, Akbulak salkyn saýada, Ýigitli, oturyşly, meýlisli daglar. Çopanlar mes bolup atlaryn çapar, Üstüňden boz maral, jerenler geçer, Bu sözi aýdandyr joş bolup Sapar, Wepaly, sapaly, paýhasly daglar. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
