00:51 Daglar we adamlar | |
Endam-janyn asyr dişän daglara – Iň azyndan milliard ýaşan daglara Garry diýmän, ýaş diýmegmiz nämeden? Emma welin ellä ýeten adama – Ýaňy aýny pellä ýeten adama «Garry» diýip at goýmagmyz nämeden? Ömürlik ýaş dünýä döredýän adam, Asyrlaň düýbüne seredýän adam Milliard ýyl geçse-de ýigit dälmişmi? Şeýle adamlaryň öňünde bu gün, Şeýle ýigitleriň deňinde bu gün Ojagaz ýaş daglar çigit dälmişmi? © Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
