07:11 Dañ | |
|
Säheriñ päkligne dowamat dünýe Diñleýär meýmiräp ertiriñ ýañyn. Ak days yşkyna düşen guşlaram, Şadyýan saz edýär: "Turuñ, oýanyñ!" Zemin şeýle ajap, Dañyñ goýnunda Gül näz eýläp, ak çeşmeler gülüşýär. Dünýe gije bilen hoşlaşan çagy, Päk niýetli gündiz bilen görüşýär. Kem-kemden ýagtylyp asmanyñ ýüzi, Güneşem ýylgyryp gelýär salama. Şu pursatda dünýe şeýle tolgunýar, Täzeden dogulýan ýaly hamana... Nurjemal BAÝRAMOWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
