Şulary okanymda bir sorag ÿüze çykÿar: Dogrudanam türkçeden, azeriden türkmen diline geçirilen tekstlere terjime diÿip bolýarmy??? Bu dilleriñ 70-80 prosent sözleri biri-birine meñzeş, türkmençeleşdiren diýenimizde nähili bolarkan?? Sebäbi terjime hasam şygyryñ terjimese, göwnüme bolmasa başga bir dünýä ýaly!? Mango daýy gaýrat edip jogap gaýtaraýsa minnetdar bolaryn!
Ybraýym, daýy. näme diýip bilerin? käşgä dil ugrundan bilýän zadym bolsa... dogry, diýşiň ýaly 80% (şu goşguda-ha 95%) meňzeşlik bar türk, azeri... dilleriniň. şo sebäpli, terjimäň ýerine türkmenleşdirilen hem diýip bolar. eýle boldy, beýle boldy, bir süri döwlet boldy diýlişi ýaly aslymyz, kökümiz birem bolsa döwlet, medeniýet, ykdysadyýet boýunça aýry-aýrylaşyp ýaşaýarys. islesek islemesek tapawudymyz ýüze çykýar, şo bir zadyň aýdyşynda her dilde öz owadanygy bolup biler.... (edebiýatçy däldigimi aýtmak bilen) ýokarky goşgudan mysal. türkçesindäki (originaldaky): "kenarları hafifçe yanmış sayfalarına kan sıçramış (kitap)" sözünde sazlaşyk "ýanmyş-syçramyş"-da... türkmençeleşdirilende (terjimede :-)) bolsa tapawutly: "gyralary çala ýanan sahypalaryna gan syçran". sazlaşyk "an"-larda hem kem däl ýaly. "ýanan-syçran"-yň arasynda "gan" hem erbet eşdilenok. hatda "gan syçran" - has saz ýaly.... (deňemek üçin: "kan syçramyş- gan syçran)... uzyn gep etdim.... gysgaltsam.. türk goşgusyny türkmençeleşdirilen diýip bolar, edil şonuň ýaly türkmen goşgynam türkçeleşdirilen diýip bolar. ýöne terjime diýilse dogry ýaly, sebäbi dil hökmünde (kök birem bolsa) häzirki döwürde aýrylaşdyrma bar.... many taýdan ikisem dogry. ýöne ýagdaýlarymyza görä terjime diýip kabul etmeli ýaly.
Daşarda, sowuk Üşeýär gyş Gar üşeýär Fanar ýananok Üşese serče Adam bol Rehm et Tutda öýe sal Bolamda nä şäherli Restorana girmäge Yagday ýok Sebäbi pul ýok Iki aylyk bir ayda Baryn sowurdyk!
Talantyňyz beýik ymaratlaryň B40 markaly beton bilen goýulan fundamentlerini ýarýar. Hasam, şu sowukda üşeýän serçäni kowalap tutup, öýe salyp, rehm etmeli ýeri örän duýgusal bolupdyr. Badyňyzy gowşatman, şu tempde, diňe, öňe dowam ediň. :)