02:53 Dillensene, dilberim! | |
|
Sözle, sözleriňe bal-şeker garyp, Dymma indi, dillensene, dilberim! Heýjana sal meni, ýüregim ýaryp, Dymmasana, dillensene, dilberim! Ýüzbe-ýüz görşemde, ýylgyrşyň görsem, Kalbyň ýazlagynda ýaýnasam, ýörsem, Tolgunyp gaşyňda duraýyn, «Sör-söm», Dymmasana, dillensene, dilberim! Hoş sözle, mylaýym – hoşuma gelen, Pitiwa edemde, bolmasyn ýalan, Eşdeýin agzyňdan gulagym bilen, Dymmasana, dillensene, dilberim! Saňa söýgim meni düşürdi yşka, Ysnyşyk sözleriň höziri başga, Ýaňlanýar aňymda aramyz daşka, Dymmasana, dillensene, dilberim! Gök gülli ýaglygyň daňynýaň weli, Gelşip dur, bezenşiň jennetiň güli, Daşyňdan perwana bolýan her hili, Dymmasana, dillensene, dilberim! Diýjekdendim, dilim diýen etmedi, Howam asgyn geldi, gaýrat ýetmedi, Iki çäk, ýalňyzkak menden bitmedi, Dymmasana, dillensene, dilberim! Kyn şert bolup, senden gönükse perman, Hoş ýakar, melhem bor, derdime derman, Aşyk ýüregimde galmasyn arman, Dymmasana, dillensene, dilberim! Dillenseň, bal-şirin sözüňe gurban, Mähirli garaýan gözüňe gurban, Sülmüräp durşuňa, özüňe gurban, Dymmasana, dillensene, dilberim! Ilmämmet, ýüregiň ele al, ýolda, Göni bar, garşy dur, hantama halda, Ynjytma, aşygyň ezizläp golda, Dymmasana, dillensene, dilberim! | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
