19:31

Dostlarym...

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 498 | Добавил: cherkezbaylyyew05 | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Pegas  
98
Kemçiligmi basyp göni ýüzüme,
Artyk tarapymam "pişik deý gömmäň!"
Belli däl näçe gün ýaşajagymyz,
Akylly tanyşlam, göwnüme degmäň.

Ýönekeý mysal bar durmuşdan alnan,
Söýjek, köýjek, aljak, goýjak, nä derdiň?!
Birden däliresem günlerde bir gün,
Begenermiň, gynanarmyň, nädersiň?

Dostsuramak galar gerek düýbünden?
Kime gerek garamaty bir sähnäň?!
Bu pana näm üçin "ýalançy" diýýäs?!
Artist otyr aňyrsynda her sahnaň.

Bu gün ýigrenenlem ertir dostlarym,
Düýnki dost saýanlam bu gün duşmanym.
Neçün kä kişini öýe göýberdim,
Eger-eger egsilenok puşmanym.

Garaz, ähliňize ýeke sözüm bar:
Özüne ýeterlik kemi bar hemmäň.
Ýa-ha bolşum ýaly kabul ediň siz,
Ýa owarra boluň, göwnüme degmäň!

Ýazmyrat Çörliýew

0
2 cherkezbaylyyew05  
515
@Haweran ýuwaş-ýuwaş kämilleşerindä menem. smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]