02:04 Dünýä ýüzlenme | |
|
Hem goja, hem juwan dünýä, Senden köp zat öwrenmeli. Çek, bagyndan sallançagyň, Oýan-buýan üwre meni. Soň silte, dara dözümli, Asla läliksiretmegin. Polat kimin tapla ömri, Sähel oda eretmegin. Ähli hatam bagyşlama, Goý, çekeýin jezamy-da. Ýalňyşlarym düzetmäge, Kä berseň bor ejaza-da. Syna. Geçsem synagyňdan, Hem ödesem umytlaryň. Bir gün şulaň bary üçin, Bagtly etmegi unutmagyn! Kerim ATÇAPANOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
