17:29 Dünýäde | |
Üstünlige aňsat ýetjek bolýas biz, Ýaşamasy juda agyr dünýäde. Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz Çyn sözi juda az wagyr dünýäde. Gümanly ýaşasaň bolarsyň küpür, Herniçik etmeli baryňa şükür, Dymsaň-a samsyksyň, gürleseň pökür, Ýok zada etmeli sabyr dünýäde Aýna däl, kalbyna seretsin her kim, Dünýä gözel bolsa göwnüňde görküň Ýaşap başarmadyk özünden görsün, Ýaşanyňa degýän nebir dünýede. Göwün gulpdyr, açarydyr öwgüler, Dost bolmagy başarsaňam döw bilen, Degmäň, degmäň, degmäň ynsan göwnüne, Ahyrky pillesi gabyr dünýäde. Aşyrmät GARLY. | |
|
| |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
