18:51 "Eger iki bolup bir ýola düşsek..." | |
|
Eger iki bolup bir ýola düşsek, Gürleşsek, Birleşsek süýjülik bilen. Kyn bolsun. Parhy ýok, Şol ýoly geçsek. Taplanyp bilerdik güýjemek bilen. Soñra üç bolardyk, Belki, bäş, alty... Alysa giderdik assama-assa Ynsana berlipdir köpelmek bagty Arman ýok, başymyz belende ýetse! Eger iki bolup bir ýola düşsek, Alarlyp seretmän birek-birege. Ýa bolmasa, garaşmazdan süýrege. Gürleşsek, Birleşsek, Hawa, ysnyşsak. Şeýle bir bagtyýar bolardyk dogan, Agzybirlik bilen şaýola düşsek! Sараrmуrat ÖWEZВЕRDIÝЕW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
