22:30 Elegiýa | |
|
Jaýladylar bir ýekäniñ atasyn Gölegçi dolandy matamly öýe. Zelil göwün ýeke. Kem göwün ýeke, Baý-baý, kän aglady bagra gan öýe. Gojalar dillendi: "Goýaý, sen iner!" "Goý" diýen zenanlar aglaşdy bile. Biri diýdi: "Ene, diñdir ogluñy, Işli-dertlisi bar, rugsat ber ile!" Bardy balasyny bagryna basdy: - Gugaryp galanym, ýalñyzym, boý-boý-boý... Iliñ däl, señ atañ öldi jigerim, Aglasyn, "goý" diýmäñ siz ilim, boý-boý-boý!.. • ENE HEM OGUL Enäniñ ýazgydy, täleýi şeýle: Dokuz aý göwrede. Ençe ýyl golda, Boýunda. Arkada perzent göterýär, Bu oñ bagt, güzaby külpetli ýolda. Perzent perzent şekil perzent bolanda, Iñ ýowuz azaby dünýä gel-gitde: Enäni göterýär täk-ýalñyz sapar, Ol hem nesip etse, eý-waý... Tabytda. Аmanmуrat ВUGAÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1987. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
