05:33 Ene dilim | |
|
Gözleglerim gözlerimi açanda, Sen ýetişdiñ hyjuwlarym daşanda. Megerem, sen adamzadyñ ýaşynda, Her sözüñ añ eleginden eledigim, Ene dilim. Halkymyzyñ goşgy, gazal, dessany, Seniñ bilen aşdym gaýgy-gussamy. Göroglynyñ namasynda besläni, Ýaragysyñ Pyragynyñ - ussadyñ, Ene dilim. Döwlet Senasy sen, Döwlet Kasamy, Sen dilimiñ hoş sözlerden asaly, Señ bilen geljege gadam basaly, Geçmiş geljek, bakyýete deñedigim, Ene dilim. Sen öwreden dili eziz ejemiñ, Her sözüñe tagzym edip geçeýin, Hoş sözleri toýlaryñda seçeýin, Ony senden gözleýärin ýene men, Ene dilim. Seýran SEÝITMÄMMEDOW. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
