19:54 Ene näleti | |
|
Ene, Ogluñ saña dönüklik etse, Näletle - Garagy gapylar ýaly, Nälet et: iýeni inine siñmän Öz-özünden bela tapynar ýaly. Sesiñ eşitmekden galsyn gulagy - Sen şeýleräk nälet oka, gargyş et. Ölende-de gömmesinler ýanyñda, Şuny yzda galýanlardan haýyş et. Watan! Bardy-geldi seniñ bir ogluñ Dönük bolup, etse saña hyýanat, Sendäki bar eneleriñ näleti Goý, gopdursyn oñ başynda kyýamat! Arhip ÇIBOTARU, (Moldawiýa). Terjime eden: Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
| |
