17:46 Erteki aýdyp bereýin | |
Gel, oglum, erteki aýdyp bereýin, Ýöne gorkaýmagyn jynlardan – Döwden. Üstün çykar gara güýçden adyllyk, Tutsaň atalaryň pendin-öwüdin. Birbada hopukdyr haýbatly gelşi, Ahmal bolsaň, agzyndaky ot çawlap. Sähel gowşaklygňy aňladaýdygyň, Telim kelle bolup üstüňe düwlär. Eýläňden-beýläňden geler duýdurman, Düýpsiz derýa taşlaýmagam daş däldir. Şonda oňat ýarag – ygtybar ýoldaş, Asmandan arassa – päkize päldir. Netiň düzüw bolsa, galany oňun, Çykgynsyz zadyňam bolar alajy. Gowluga çözüler, ýan berer ýaman, Diýseler-de “bar taýagyň iki ujy”. Göwnüň açyk bolsa, açykdyr ýoluň. Bu Watany söýen hergiz hor bolmaz. Dosta ganat geren, topragyn söýen, Merde arwah-döwler kär edip bilmez. Gel, oglum, erteki aýdyp bereýin, Çekinme arwahdan, Döwlerden, jyndan. Edermenler ýeňilmeýär hiç haçan, Päli düzüw bolsa, söýgüsi çyndan. Begmyrat USSAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
