17:41 EZIZIM | |
|
Sowaşyp barýasmy, birek-birekden, Ýa-da öwrenişdikmi juda ezizim. Yşgym dyňzap çykanok-la gursakdan, Düşdükmi söýgüden jyda ezizim. Näma üçin geçen güni ýatlaýas, Etmeýäris ertimiziň arzuwyn. Ne sebäpden bile şeýle çykmaýas, Görmeýän dek bir-biregiň barlygyn. Bir-birege düşündirjek bolamzok, Soraşmaly zatlarmyzam ýok ýaly. Öňki ýaly azara-da galamzok, Ezizim biz bir-birege ýat ýaly. Ýa-da bu-da ýyllaryň bir oýnumy, Aram-aram barlap görýän üşügiň. Çaga däl biz oýnar ýaly oýnuny, Galdyk ahyr aşagynda keşigiň. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
