16:02 Faraply ýigidiñ gürrüñi esasynda ýazylan goşgy | |
|
Maña bu dünýäde iñ ýakyn hossar, işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Ýortsam "Ýöre!" diýer, ýöresem gyssar, işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Iş buýrulsa robot bolup etmeli, "Ýet" diýilse ýelden ozup ýetmeli, Çat mañlaýda çatlap dursa nätmeli, işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Goýmasam-da edýän işimiñ kemin, Asuda durmuşyñ tapamok çemin, Ot edip üstüme üfleýär demin, işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Her ädimim, her minudym derñeler, It görse günümi çaşar, serreler, "Haçan adam boljak?" diýip herreler; işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Gije-gündiz ýetişiksiz günde men, Bu kysmaty özgelere ündemen, Gök, gübürdär, "Boldy-diýsem-indi" men, işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Oýunlyga salyp döşüme kakýar, Ýylgyrsam, ýumrugy dişime kakýar, Göwni ýetmän eden işimi bakýar, işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Aýalym naçalnik dogrymy diýsem, Öz elim, öz ýakam ýigrensem, söýsem, Heý, maña ýamanlyk edermi eýsem, işde - naçalnigim, öýde - aýalym! Abdyreşit TAŞOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
