21:43 Gadyr gijesi | |
|
Bu gün biz oturdyk sähere çenli Çülpe çagalaryñ ukladyp baryn. Gelnimem ýanymda, Otyrys küsyäp Hydyr ata atly piriñ didaryn. Garaşylýar bu gün oña her öýde, Gündiz bolsa galkyp gelýär - sowlup tün. (Düşünýän men Hydyr atañ ýagdaýna, Bir başy bar, nädip hemmä ýetişsin!) Hawa-da ynsanyñ şeýle-dä bolşy, Başarsa baý boljak, bagtyýar boljak. Hydyr ata duşup dileg dilejek, Soñam ol pasyrdap asmana galjak. Köp garaşdyk, Hydyr ata gelmedi, Indi gelmese-de, aý, özi bilsin, Geljek adam wagtyrajyk gelsedi, Ýogsam garaşyplar bizarlar boldum. Gelnim bolsa süýjäp otyr ýanymda, Bir eýýämden bäri taýyn hyzmata. Wagtyrak gelmeseñ, onsoñ bagyşla, Mende sabyr ýokdur, jan Hydyr ata! Geläýseñem onsoñ görmedik bolaý, Gidiber öwrül-de öýüñ daşyndan! ...Gadyr gije ýene şeýleräk bolup, Geçdi bu gezegem meniñ başymdan. Her gezek şeýleräk gutarýar gije, Biziñ obada-ha ony gören ýok. Şonda-da bu gijäñ gadry bir başga, Onuñ sebäbini welin bilýän ýok. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
