20:30 Gahrymanyň gelni | |
|
On barmagnyň yzy halyda bitdi, Nikasy telpege gyýylan gelin. Söweşe gideniň sarpasyn tutdy, Nikasy telpege gyýylan gelin. Gadam ursa galdyrmazdy başyny, Hiç bakmazdy töweregini-daşyny, Haly dokap dolandyrdy işini, Nikasy telpege gyýylan gelin, Watan üçin gitdi, söýüp besläni, Gözel gyzyň göwnündäki isläni, Gülüň gül-gunçasy, bagyň bossany, Nikasy telpege gyýylan gelin. Gaýyn öýde, atasy öýde sermendi, Altmyş ýyl garaşdy, emma armandy. Ahyr bir gün, gara ýere duwlandy. Nikasy telpege gyýylan gelin. Aýtokar SEÝDALYÝEWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
