21:24 Galan bar | |
|
Däli köňlüm gel gideli watana, Onda saňa gözi ýolda galan bar; Kasyt gerek bu ýollardan ýörmäne, Näzli ýaryň Ülkesinde talaň bar... Gülüm-gülüm, meni eýlediň gülünj-ä, Ýüz agladym, bir şat bolup gülinçä, El götermen eteginden ölinçä, Meger bizi ýardan aýra salan bar. Ajalym ýetişip, peýmanam doldy, Gül meňzim sargaryp bihuda soldy, Diýdiler "söwdügiň ýary ýat oldy", Diýdi belki ýedi ýatdan gelen bar. Aşyk Hemra, giriftardyr özüňe, Ýandy bagrym, kebap boldy ýüzüňe, Ynanmanam ykraryňa, sözüňe, Biykrar sen, ykraryňda ýalan bar!.. "Saýatly Hemra" dessanyndan. | |
|
| |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
