15:19 Gara altyn | |
|
Bagt çeşmesi ㅡ gyzgyn nebtiñ Gudratynyñ ýok ölçegi. Fontan urýan dyzgyn nebtiñ Hiç ýerde ýok araçägi. Ur burawy, joşsun, galsyn, Turbalary doldur, akdyr. Goý, garamtyl bolsa bolsun, Altyndan has agdygrakdyr. Ganatdyr ol ㅡ berseñ perman, Al asmana uçyr seni. Endamyña öl degirmän, Deñizden-de geçir seni. Jan ber diýseñ, berer demre, Motorlaryñ ýüregidir. Bezeg berer gözel ömre, Hojalygyñ ýaragydyr. Emr berseñ, bolar köşk, Erteki däl, şu günküdir. Ak ýürekden bolsañ aşyk, Çek lezzetin ㅡ seniñkidir! Ur burawy, joşsun, galsyn, Turbalary doldur, akdyr. Goý, garamtyl bolsa bolsun. Altyndan has agdygrakdyr. 1953 Berdi KERBABAÝEW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
