03:19 Gara göz gelin | |
Tomaşa eýläp toýlarda görenler ýagşy diýdi, Ýylgyrşyñ janym aldy, gözle, gara göz gelin; Zer-ziwerden bahaly, simu-zerden don geýseñ, Şähdi-şeker dillerden, sözle, gara göz gelin. Özge gyzdan-gelinden, zyýat görner gözüme, A gyz, derdiñden öldüm, indi ynan sözüme, Ähtiýajym ýok senden, haýa gelmez ýüzüme, Meni bir pynhan ýerde gizle, gara göz gelin. Ýigidiñ bil kuwwaty-at-esbaby, ýaragy, Iki aşyk dünýäde bir-biriniñ geregi, Säher tursa golunda şirmaýydan daragy, Şana urup zülpüñe, çözle, gara göz gelin. Eý söwdügim, sallanyp, ýörişiñ bar ýollarda Şemle guşap, al geýip, hub ýaraşar billerde, Seniñ deý näzli dilber, gezsem ýokdur illerde, Hanjar alyp bagrymy, duzla, gara göz gelin. Gulak goýsun sözüme her kimiñki bolsa aryp, Seniñ deý ýok dünýäde, gezdim jahan agtaryp, Mätäji diýr, sen Şasenem, men aşygy kel Garyp, Öñki aşyklar ýolun, yzla, gara göz gelin. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
