02:38 Garly hem gussaly ýekşenbe / hekaýa | |
Orta mekdebi gutaryp, şäherdäki hünär öwredýän ýörite mekdepleriň birinde okaýan Baýsähet ir düşen gyşyň nobatdaky aýazly hem garly ýekşenbesinde diňgögüne garap, kän ýatdy. Öýlänler uly agasy Nursähet geldi. - E-eý! - Ho-ow! - Bu nä boluş! - Aý, hiç! - Garamyratlara gidip geldiňmi? - Hümm. - Aýtdyňmy? - Hawa. - Näme diýdi? - Hiç zat. - Näm bolýar, how, saňa? - ?!. - Nas atdyňmy? - Juk. - Agzyňda suw barmy? - Juk. - Onda näme? - Hiç zat, how. Hiç zat. - Beh-beh! – Nursähet dagy näme diýerini bilmedi. Biraz oturyp: - Aý, bolýa – diýip, çykyp gitdi. Şol gün şamlyk nahardan soň Baýsähet uly ýeňňesiniň bolýan otagyna bardy. - Nursähet ýokmy, gelneje? - Ýok. Gitdi. - Nirä gitdikä? - Garamyratlara diýäýdi öýdýän şol. Hä, näme? - Aý, hiç - Gel, otyp, çäýnekde çaý-a bar. Baýsähet geçip oturdy. El işine güýmenip oturan Arzy gelneje oňa çaý guýup berdi. - Bular näme eýýäm ýatypdyrlar, irgözin... – diýip, Baýsähet Nursähediň gap dulda serlişip ýatan çagalaryna ümledi. - Äý, oýnap-oýnap, ýadandyrlar-da. Baýsähet şirp-şirp edip çaý içdi. Arzy gelneje: - Baýsähet jan, aňyrky äpişgä seredip goýbersene! diýdi. – Sowuk gelýä welin, gowy ýapylmandyr öýdýän. Hazan almyş... Baýsähet seredip gördi. - Aý, ýok, äpişgäňiz-ä oňat ýapylypdyr. - Şeýlemi? - Daşary sowuk. Şondan bolaýmasa. - Şondandyr onda. Howa-da, gurbany gitdigim, maýlar ýaly däl. Gün-günden bujurygy artýa gaýtam... Şuwadam ýagýamy? - Hawa. - Ýagawersin!.. Baýsähet çaý şirpildedip, ene biraz oturansoň: - Gelneje! – diýdi. - Hä? - Gelneje bir zat diýsem edermiň? Arzy gelneje ýüzüni birhili edip: - Näm ol? – diýdi. – Hany, aýt! - Ilki söz ber, gelneje! - Waý, nämä? - Şo meň aýtjak zadymý etjek diýip söz ber. - Men näbileýin seň näme aýtjagyňý, Baýsähet jan? Ilki bir aýt ahyry! - Kyn zat däl, how, gelneje! - Ana, söz berdim, Baýsähet jan! Aýt indi! Baýsähet ýaýdandy. Ýeňňesi gylaw aldy. - Aýt-da indi! - Neme-däraý, gelneje! - Näme? - Ertir bar-a? - Hawa ? - Men bar-a? - Hawa? - Okuwa gidemsoň bar-a? - Hawa? - Ejeme bar-a? - Hawa? - Neme diýsene!.. - Näme diýeýin? Baýsähet çaýly käsesine seredip ýaýdandy. Ýeňňesiniň özüne öňkülerinden has dykgatly seredýänini aňyb-a gyzardam. Arzy gelneje gyssandy: - Näme diýeýin. Baýsähet jan? Baýsähet aýdyp göýberdi: - Gudaçylyga gidiň diý! - Hä? Arzy gelnejäniň gözleri ýanyp gitdi. Baýsähet iki egninden dem aldi. - Çynyňmy, Baýsähet jan? Ýüwürjisiniň asla henek etmeýändigini gözi bilen görüp oturan Arzy gelnejäniň kebzesine kümüş çaýyldy. Baýsähet ýuwaş-ýuwaşdan başyny galdyryp, ýeňňesiniň ýüzüne seretdi. Arzy gelneje indi hut öliň soragyny ýagdyryp ugrady. - Kimlere barmaly, Baýsähet jan? - Bu obadan däl ol. - Onda nirden? - Gökjeden. - Gökjede kimlerden? - Seýit milisýelerden. - Ady näme? - Adyny nämetjeg-aý? - Waý, gudaçylyga gitmeli bolsa, adyny bilmeseň, nähili bor, gyz, o?!. - Bägül. - Hm-m, Bägül, diýsene. Oňatja ad-a bar eken. Onsoň nememi, gulmy, igmi, näm ol? - Aý, men näbileýin-aý?! - Soramaly ekeniň. - Sorap bom-aý onam bir?! - Suratyny getir, men tanap bereýin. - Mende suraty ýok. - Samsyk! Suratyny almaly ekeniň. - Suratyny başyňa ýapjak-maý, gelneje?! - Ejeň görjek diýse, näme etjek? - Diýmez. - Şonda-da bileje surata düşmeli ekeniňiz. Baýsähet jabjyndy: - Aý, näm bolanda nämaý? - Dur entek, Baýsähet jan, nememi ol, kursdaşyň zadyňmy? - Hawa. - Hä-ä, dogry-y. Onsoň ulymy ol senden, ýa kiçimi? - O zatlary nämetjeg-aý, gelneje? - Dursana, gyýw, bilmeli bor-a. - Ýaşyt meň bilen. - Ýaşyt diýsene!.. Dogry!.. Men-ä begenýän, Baýsähet jan! Onsoň nememi o gyzyň özünden uly çykmadyk ýa öýlenmedik dogany ýokdur-a? Baýsähet gözüni tegeläp, ýeňňesine seretdi. Iki sekuntdan soň gysgajyk: - Ýok – diýdi. Arzy gelneje dowam edip. - Ýa iň ulusymy şo? - Hawa. - Hä-ä, onsoň, Baýsähet jan, sen oňa hat berdiňmi? Ýa birine aýtdyrdyňmy? Nätdiň? - Oýun etmesene, how, gelneje! - Çynym, gyýw! - Nädemde nä? - Aý, ýok, sen hat-a bermeli däl. Sen göni baryp, özüne aýdansyň. Seni halaýan diýensiň. Şeýlemi? Ä? Baýsähet gyzardy. - Oyun edýäň-aý, gelneje! Arzy gelneje dymyp, birsalymdan: - Häý, ejeň göwnemäýmese – diýdi. Baýsähet özüni raslady. - Göwnär. Oňaryp aýdybilseň, göwnär. - Ol-a saňa Äşäni alyp berjek diýip ýör. - Kim ol Äşe? - Bilmedik bolan bolma. Müň sany Äşe bamy?! Hany, o nemäň... - Men-ä öýlenmen şoňa. - Wiý, nämüçün? - Bilemok, how, bilemok. Arzy gelneje “hm-m” edip, esli oturansoň başga bir gürrüň tapdy: - Özleri gul bolsa, kän galyň-a diýmezler. - Onçasyny biljek däl. - Soramaly ekeniň. - Nämäni? - Şony? Galyňny? - Men indi şoň galyňny sorarynm-aý?! - Kakasam milisiýe bolsa... - Hä, näme? - Kakaň unamazmyka diýýän. - Nämüçün ? - Eşideňokmy, Hojaga günde on gezeg-ä sögý-ä, iliň jübüsine gözüni dikip ýör diýip. - Kakam ony Hojaga diýýär. - Kakaň hemme milisýä-de diýýär. Milise bolup işleýän bolsa, şo gyzyň kakasyna-da diýer. - Diýmez. - Diýer. - Hemme milise Hojak ýaly däl, how. - Ah-heý, özi milise bor-da, abat bormy? - Bilmän bir zat diýme, gelneje! - Baý–baý–baý! Ýigid-ä eýýämden gaýnatasynyň ýüzüni ýuwup ugrad-ow. - Oň üçin däl-ow. “Jy-ýy-yk” edip, gapy açyldy. Baýsähediň kiçi ýeňňesi Nabat geldi. - Öw–he–eý, sowukdygyny. Üşäňzokmy, gyz? Arzy gelneje onuň bu sözlerine pisint etmedi. Gözlerini güldürip: - Bir zat aýdaýynmy? – diýdi. Baýsähet: - Aýtma! – diýdi. - Aýtjak. Nabat öýkeläýse nätjek birden! - Näme, gyz, ol? – diýip, Baýsähediň kiçi ýeňňesi gözlerini elek-çelek edip, bir hezillige garaşdy. - Ynha, şudur-da, gyz! Öýlenesim gelýä, gudaçylyga gidiň diýip, ertirden bäri dyzap otyr. - Waý, illeňkiň enaýylydygyny! – diýip, Nabat gelneje eltisine ugrybir bäş sowal berdi. – Nirä, kimlere, ady näme, okaýamy, işleýämi? Arzy gelneje aýtdy. Nabat gelneje ýüzüni ýüwürjisine öwürip: - Şeýlemi? – diýdi. Baýsähet gaşyny çytdy. Kesä bakdy. Nabat gelneje ýene bir sowal berdi: - Ýaşyň ýetýämi? Baýsähet ilki düşünmedi. - Nämä? – diýdi. - Söýüşmäge ýaşyň ýetýämi diýýän. Baýsähet saňňyl–saňňyl etdi. - Halsähet ikiňiz söýşeňizde ýaşyňyz ýetýämidi? Hä? - Hawa. - Meňkem ýetýä onda. Baýsähet jübüsinden çilim çykardy. Otlandy. - Gyýw, çilimem çekýäňmi? – diýip, Arzy gelneje agzyny öweltdi. - Söýüşip başlan bolsa, her zat çykar – diýip, Nabat gelneje aýtdy. Baýsähet sessiz ädim urup, gapa ýöneldi. Çykyp barýarka-da, yzyna öwrülip, Arzy gelnejä azgyryldy: - Aýtma diýdim-ä men saňa. Aýtma diýdim-ä. Daşarda gyýalap, gar ýagýardy. Baýsähet mellegi deň ikä bölýän darajyk çil bilen ilerligine ýöredi. Baslygyp ýatan ak gar onuň aýaklarynyň aşagynda gütürt-gütürt edip, ses edýärdi. Kem-kemden güýjeýän aýaz ýüzüni-gözüni dalaýardy. Gijelikdi. Ýöne ýerde ýatan gar tümlügi birsyhly serpikdirip, gözýetimdäki adam garasyny mazaly saýgarar ýaly ýagtylyk paýlaýardy. Dekabr, 1993. Aşgabat. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
| |
| √ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 | |
| √ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 | |
| √ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
