Ýalbaryr men «baý aga!» diýp, göýä ak mumdan beter, Baýlaryň basgançagy boldum — gysym gumdan beter, «Ber hakym!» diýp gyssasa, çişer otyr humdan beter, Ogry şum, orramsy şum hem, belki, ol şumdan beter, Bir hudanyň urgany, hiç ýerde sansyzdyr garyp.
Ýyl başyndan galla sorap, işi gapy kakmak bolar, Ýer çilim — ýanýoldaşy, ýanynda bir çakmak bolar, Tiz çeker gussa bilen, öz gursagyn ýakmak bolar, Geplese, bolman gepi hem özi bir «akmak» bolar, Il göçer, galar ýurtda, diri çüýrändir garyp,
Baýlar-a behbidin arar, pukara — hupbul-watan, Gark bolar diýrler şoňa, kim iki gämini tutan, Göze görnen gyzy bolsa, hantamadyr her ýeten, Hem garyplykdan Keminäň içleri otly tütün, Il göçer, galar ýurtda, diri çüýrändir garyp.
Kemineden altyn gapyňa ýazjak sitataň tüýs ýerine düşer Ýelena baý-hanym. Siz edersiňiz-de heý gelişmezmi? gowja gözleseňiz altyn unitazyňyza-da gelişäýjek sitata taparsyňyz Molla Kemineden. (degişdigimdir. kuhnýaňa geçip duzlyja nahar bişirjek bolup azar edinmegin. ýylgyrmagam bir baýlykdyr. :-) )
“...men gapy diyyan, sen unitaz”. — Altyn gapa höwes edýänler, soň altyn unizadam arzuw edip başlaýalar. Seresap bol diýjek boldum, Ýelena hanym. Baý bolmak gaty bir erbet zadam däl, aslynda. Baýlyga özüňi aldyrmak — erbet zat. Mysal: suw gäminiň içinde bolsa — gaminiň heläk bolmagyna sebäp. Ýöne, suw gäminiň astynda bolsa - gäminiň hereket etmegine sebäp. (diýip eşdipdim bir akyldardan). Ýagny, baýlyk biziň astymyzda bolsa, haýyrly işler etmäge elimiz-aýagymyz giň bolsa... Ýöne, harsydünýälik bilen baýlyga durkumyz bilen berilsek, “içimize salsak” —- batarys. Altyn gapa dolanyp gelsek.... (täzedenem bir oýlanyp gör)...
Titanic nähili beyik gämidi. Uly çagyryşdy, uly görkezmedi, uly meselemdi. Yöne name boldy? Şonuñ ücin saña maslahat mangoş gämi bilen suwuñ işini kesgitleyän wagtyñ bary yogy adamdygyñy, adama bolsa mynasyp Hakyny bermelidigiñi Unutma, bolmasa näçe beyik we berk bolsañam gark bolarsyñ
Haýsy hem bolsa bir goşgynyň, haýsy hem bolsa bir döwürde, aktual (ýoň) bolmagy, şol goşgy, şol döwüriň, durmuş-ykdysady şertlerine laýyk gelmegidir. Mämmetweli Keminäniň "Garyp" goşgysam, biziň geçmişimiziň, şu günümiziň we belki-de geljegimiziň açyk, aýdyň ýüzüdir. Garyplyk, baý aga ýalbarmaklyk, gapy kakmaklyk, ölmez jana bir owuç galla islemeklik, özüňi ýersiz - ýere ýakmaklyk, her öňýeteniň öz bähbidiniň ugrunda çapmagy, bular biziň gündelik ýaşaýyş-durmuşymyzda gabat gelýän kadalarymyzdyr. Gysga dil bilen aýtsak, GEÇMIŞ GAÝTALANÝAR... Gaýtalanmasam normatiw zat. Topraga näme däne sepseň, hasylam şol bolar. Arpa dänesini sepip, bugdaýa garaşmaklygam samsyklyk.
Ärdek ýaşap geçse peder, Nesil kimden heder eder.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]