20:40 Gatmaga geldim | |
Dilber, seniň bilen könlüm bir edip, Janymy janyňa gatmaga geldim. Zülpleriň boýnuma hup zynjyr edip, Başym bir araga çatmaga geldim. Harp içinde kaddyň meňzär elibe, Zynhar, ony görkezmegin rakyba, Huda eden bolsa bize nesibe, Şirin lebleriňden datmaga geldim. Yüzüň ter açylan bakjaň gülzary, Bilbil dek tartdyň nalaýy-zary, Men seniň bagyňdan alma, enary, Özüm tirip, alyp gitmäge geldim. Dünýäde görmedim sen dek zalymy, Rehmiň gelip hiç sormadyň halymy, Men seniň ýoluňda mülki-malymy, Barysyn bir pula satmaga geldim. Ýüzüň ýagşy ter açylan güllerden, Men saňa zyýat men özge gullardan, Arzuw çekip, ýörüp uzak ýollardan, Bir bellije sözüň tutmaga geldim. Talyby diýr, bu gün geldim şanyňa, Günde sorsam, sen goýmar sen ýanyňa, Bir terahhym eýläp salsaň donuña, Alma, enaryňy tutmaga geldim. Myrat TALYBY. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
