G a z a l l a r
■ Ötedir
Eý, rafyk, aç gözüň, bu döwri-döwran ötedir,
Ger, eliňde bolsa hem, mülki Süleýman ötedir.
Bu pelekniň ýaýlasynda baky galmaz hiç kişi,
Kim garyb-u natuwan hem şah-u soltan ötedir.
Nije ýyl öz bilbilin hijrinde ýandyrsa-da,
Gün geler, baş süllerer, serwi-hiroman ötedir.
Ýaz geçer, güýz hem geler saralan surat bolup,
Göge bak, gözýaş döküp, abr-u-neýsan ötedir.
Şum rakyplar hilesinden azarda bolma eý, köňül,
Her näçe it üýrse üýrsün, barybir kerwen ötedir.
Eý, Zikiri, halkyňa ber mähir we hyzmat et,
Mähirsizler ah çekip, ahmyr-u – puşman ötedir!
■ Janym boluň
Söýgülim, seýr eýlesem, ýanymda seýranym boluň,
Yşk era yşk istesem, şirin suhandanym boluň!
Leblerim gülzarydan bir gül uzatsam men saňa,
Lebiňe basyp ony, çyn gülüstanym boluň!
Men merhemet gülşenin agtaryp çyksam janym-a,
Bir ömür ýoldaş maňa, näzli jana-janym boluň!
Käteler niçiksi bir gaýgy-gam bassa meni,
Barçasyn dep etmek üçin, talap-permanym boluň!
Çyksa janym nägehan, bu yşk ýolunda, eý, nigär,
Siz meniň bu jismim içre rahaty-janym boluň!
Zikri ki, tapsa kemal, bagt guşy gonsa başa,
Siz meniň bagrymda ýerlän bagtly ynsanym boluň!
■ Gunça gül açarmy?
Gunça, heý, gül açarmy, setpara bolandan soň,
Gül ýene gül bolarmy, bir ýola solandan soň?
Kalbymyň genç-baýlygy, pynhan syryndan yşkymyň
Şol syrlyk galarmy näme, äşkäre bolandan soň?
Yşk-muhabbet babatda hem sabyr we takat gerek,
Berer tut tudanasyn, öz wagty gelenden soň.
Müň muşakgatlar görüp, ýara ymtylýan köňül,
Bagtly bolman galmaz-a, ykbaly gülenden soň.
Gördügiň köp nalaýu-efganlaryň bolsa unut,
Nur saçyp kalbyň era jenana gelenden soň.
Ýar-dostuňa kyl wepa, tende janyň bar eken,
Galmagyl gamda, ýürek gülpara bolandan soň.
Başlangyç bar bu jahanda, ahyrat hem bar anyk,
Hiç kişi galmaz salamat, peýmana dolanadan soň.
Emma ki aşyklaryň galmaz jahanda nalasy,
Bag era bir bilbili biçäre bolandan soň.
Dünýeden ötse Zikrillo, baky galar söýgüsi,
Kim unutsyn, il içinde efsana bolandan soň!
■ Watan
Sen meniň janu-janym, ýogy-barymsyň, Watan!
Gül açan nurly mekanym, lälezarymsyň, Watan!
Dünýä geldim sende men, sen bilen tapdym kemal,
Ene mähri ýalysyň sen, biribarymsyň, Watan!
Älem içre gudratyň bar, kalba ganat hem kuwwat,
Jism-u-janym sen bile, nowbaharymsyň, Watan!
Ýedi yklym içre ýalňyz şübhesiz öý-mesgenim,
Gözlerimniň röwşeni, nury-çyragymsyň, Watan!
Seniň toprak-tozuňy gözüme sürtsem, ne ajap,
Buýsanjym, şan-şöwketim, bigubarymsyň, Watan!
Tä demim gutarýança, döşlerim galkan saňa,
Sen meniň bagt-baharym, namys-arymsyň, Watan!
Dünýä ýaýsyn bir ömür Zikrillo waspyň seniň,
Ötse-de müň-müň asyr, algydarymsyň, Watan!
■ Dünýe bu
Men bilen paýlaşma dünýäni, dostum,
Sendenem, mendenem öter dünýe bu.
Bizden ne-hä jebir, ne azar gördi,
Mähri wepa garyp-gatar dünýe bu.
Güneşden ybrat al, ýylgyryp ýaşar,
Ýürek yssysyny äleme saçar,
Senem güneş kimin bolsaň her haçan,
Ap-ak maňlaýyňdan öper dünýe bu.
Birine çaý gazmak nadanlar işi,
Awy-zäher bermek içýanlar işi,
Jepa berse, jeza tapgaý ol kişi,
Ezeli gül ysly-ýupar dünýe bu.
Arpa ekip, bugdaý ormandyr hiç kim,
Gideniň gelenni görmändir hiç kim,
Munda saklanmandyr-durmandyr hiç kim,
Bir gün ýakamyzdan tutar dünýe bu.
Ýagşydyr yzyňda ýagşy at galsa,
Hikmetleriň ilde ýatma-ýat galsa,
Ynsanlyk adyňdan şan-şöhrat galsa,
Seni bakylyga elter dünýe bu.
■ Ýokdur
Jahanda sen kibi janana ýokdur,
Yşkyňda men kibi perwana ýokdur.
Köňlümi ram eýlän eý, gözel peýker,
Dünýäde sen kibi dürdäne ýokdur.
Sünbül saçlaryňdan sabalar öwser,
Şirin zybanyňdan nowalar öwser,
Sen gelseň başymda rowalar öwser,
Gel, janym, özge äht-peýmana ýokdur.
Waslyňa janymy togap islärin,
Hijriňde halymy harap islärin,
Lagly-lebleriňden şerap islärin,
Maňa-ha başga bir meýhana ýokdur.
Ýar, sensiz günlerim apatda öter,
Zikrillo, tünlerim takatda öter,
Seniň bilen ömrüm rahatda öter,
Rahatdan özge bir rizwana ýokdur.
Zikrilla NYGMAT,
özbek şahyry.
Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW.
Goşgular