19:15 Geçene buýsanmak | |
|
Men senden müñde bir razy göwnüm, Şu günlere çenli hemme zat üçin. Ýöne, geçen güne nämüçin, käte, Çensiz buýsanşyña düşünmek çetin. Bilýän, geçen ýyllarmyzda alkyş kän, Bol-elin eşretem, meýlisem ýatyr. Ýatla geçen günde galan aýbyñy, Ýöne, alkyşyñy mazamlardan ir! Geçmeli ýollaryñ uzyny öñde, Düşün göwnüm, aýdyñ bir hakykat bar. Diñe şu gününde buýsanç ýok kişi Häli-şindi geçmişini mazamlar. Annagylyç ESENOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
