10:33 Gedem gyza | |
Jogap bermän, ýeke agyz geplemän, Sen nämüçin ýigidi kän kösediñ. Zaryñy çekipdir telim hepdeläp, Halyña dözmedim, synlap keseden. Siziñ ýanyñyzdan geçipdir ýoly, Işe, toýa, garaz, nirä gitse-de. Hamana, ol göze ilmeýän ýaly, Yşk derdini ýeñletmänsiñ pisseçe. Bileñok, gedemlik ~ akmagyñ däbi, Sen onuñ ýüzüne äñetmänsiñem. Wah, onuñam arsyzlygyñ sebäbi, Söýgi ~ kän alkyşlar, näletler siñen. Gumry bol sen ýa-da meñze jerene, Kim bolsañam päk söýgüden ürkme sen. Iñ bolmanda, duýdur söýmeýäniñi, Aşyk duýmaz, duýar ýaly dürtmeseñ. Sen oña gürrüñ ber söýgüliñ hakda, Ol hakda geplemek kyn düşmez saña. Kaýyl ol bar zada, kaýyl ol hatda Göwnaçyk ýylgyryp möçükdirseñem. Ýüzüñde gaýgy bar, gözüñde ünji, Belli däl, mähriñi kime berjeksiñ? Söýüp bilmedikleñ kän bor ökünji, Beýle kişileri hernä ýer çeksin! Ýok, myrtar keseli, başynda keli, Günä bolar hoş sözüñi gaýgyrsañ. Senden akyllydyr, bilemok welin, Her gije birini söýýän söýgür hem. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
