21:02 Gel, nesihat bereýin... | |
|
Gel, nesihat bereýin, akyl alýan ýok indi, Akmak saýmaz hiç kişi, senem şolaň birisiň. Seni daşdan synlanlar, diýer şagal ýa tilki, Garyp bol, ýa isle baý, öz ykbalyň şirisiň. Gürlemegi öwrenseň, lal bolsun seň ýoldaşyň, Syrly bolar sözleriň, düşünersiň üm bilen. Gije gezer bolarsyň, ogry bolsa ýoldaşyň, Gündiz ýatyp geçersiň, öwrenşersiň tüm bilen. Ýalňyz galsaň unutma, ýoldaş tutun kitaby, Pikirlenip ädim ät, görünsede gözýetim, Gowy işiň başynda, edip bilmän utanyp, Gezip ýörme. Erjelli, tutanýer bol ahbetin. Bürgüt ýaly göterlip, galsaň asmana sary, Dag başy dumanlydyr, şondan belende ozma, Basjak ýelem tapylar, ganatyň gyrar biri, Seniň ryskyň ýerdedir, ýerden örküňi üzme. Şudur saňa nesihat, başyňa kynlyk düşse, "Yzy gowy bor" diýip, ýorybergin oňluga. Entek näme görüpsiň, razysyň günüň geçse... Şeýdip, Akyl berýärin, gundagdaky ogluma..... Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
