21:19 Geläýjek ýaly | |
|
Garaňky gijäniň tümlügin böwsüp, Ýarym maňa tarap geläýjek ýaly. Gülleriň içinde al-elwan öwsüp, Maňa garap birje güläyjek ýaly. Gözelligin bütin äleme ýaýyp, Owadan bulut deý asmanda gaýyp, Asmandan ýol ýasap damja deý taýyp, Ýarym maňa tarap geläyjek yaly Güneş kimin bir gün hoş habar buşlap, Meniň jahyl duýgularmy taraşlap, Ak gollary arzuwymy gulaçlap, Ýarym maňa tarap geläýjek ýaly Bir tohum deý ýeriň gabygyn ýaryp, Gözelligne bahar howasyn garyp, Köp ýol geçip, belki, azajyk aryp, Ýarym meň ýanyma geläýjek ýaly... Aman NOBAT. | |
|
| |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
