01:36 Gelşikli gelne | |
![]() Ne derkar üýtgeşik geýimler geýip, Ses üýtgedip, näzli nazar eýleýip, Ýaş ýüregi hile bilen awlamak? Näz edip hem süýji gyjalat berip, Ony añsat bir ýeñişe çaglamak? Bu ýalan näziklik gerekmiş kime Hemem ýersiz ýere utanan bolma. Biweç hereketler, owadan jilwe, Leblerñe tebrenme, ýañagña ýanma? Ýok, hiç peýda bermez bu mekru-allar, Şylha ýüregiñde durmuş ýok seniñ. Mende erksiz sowuk gahar-gazap bar. Ine, şudur soñky jogabym meniñ. Bu tekepbir, bu gelşikli keşbiñden Kimler hezl etmedi aýsyz gijeler? Aýt, seniñ bahaly gapyñ yşkyndan, Galyp goñşularyñ ykaratyna, Gör, kimler tapmady bosagañy señ?! Ýok, ýok, başgalara hödür etgin öz Solan hem mynçgalan otagyñy sen. Argyn gujagyñda sypala çalgöz Bir añsyz, akylsyz biçäräni sen. Ýöne unut düzen rejäñi sen, Ylham aşygyny salmarsyñ goýna, Başymy ýaplaman sowuk boýnuña! Äkit özgä nyrhly derejäñi sen! Öz söýgiñe baha gurap, satyşyñ, Sowuk lebler bilen ýalap ýatyşyñ, Islegiñ tersine gidýän gylygyñ, Pula satyn alnan şadyýanlygyñ! A. S. Puşkin Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |