14:42 Geň... | |
|
"Söýenmiň yzynda kän ýyl selpedim, Il söýse-söýmese aýal edinýär" (Seýitmyrat Geldiýew) Bu dünýede ýaşamak kyn ogşaýar, Arzuwlarma meň ýerime ýeten bar. Iller gyzyl keteni geýip toý tutýar, Geň... Meň paýymda irde-giçde kepen bar. Haýyryň hem şeriň saçagy bile, Bu gün dogry müň ýalany goraýar. Illiň köne donun gutlaýan dünýä, Geň... Meň täze kepenmiň nyrhyn soraýar. Gije tüm asmanda Aý bolup dogup, Azaşanlaň ýolun ýagtyltdym niçe. Geň... Olar meni gündiz unutdylar hem ýüzümiň tegmilne güldiler gije. Bu dünýede aňsat ýollar ýokmyşyn, Bagtyňa-da kynlyk bilen ýetilýär. Men diňeje söýgim üçin agladym, Geň... Il söýse-söýmese bagtly edilýär. | |
|
| |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
