16:24 Giderin... | |
|
Men bir gün giderin ganatym kakyp, Uçaryn asmana mundan pel-pelläp. Ähli gam- gussany galdyryp munda, Oturaryn sizi asmandan synlap. Ýelek ýaly ýeňlär gider bedenim, Ruhum seýle çykar göklere sary. Şäheriň gohundan gaçyp uzakda, Dynç alar ýataryn gara toprakda. Beýnim boşar galar aladalardan, Hysyrdylar, öý işleri, ýeneler... Kinolar, kitaplar, toýdur-baýramlar, Soňlanar bu dünýädäki bar baglar... Emma, welin näçe daşa gitsemem, Her gije gelerin öz ojagyma, Çagalarmyň üstün örter giderin, Üşäýmesin olar gijelerine. Allam, edýän iň arzyly dilegim! Çagalamyň toýun görkezeweri! Giden wagtym arkaýyn gider ýaly, Entek-entekler bir çagyrmaweri! | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||
