|
GIDESIM GELÝÄR Eje, meň gidesim gelýär, Ýylgyrma ýok täleýimde. Didelemden başlan surat, Gutaranda eňegimde. Çigit ýaljak kiçi göwnüm, Tamakin däl, kör-köpüge. Ýüregimde çiglen düwnüm, Yza berýär köpçülükde. Tenha özüm pynhan ýerde, Ýaralarma em eýlejek. Galyp ýörme soňsuz derde, Ýol şaýym tutup neýlejek? Syrdaşym bar ýan torbamda, Jübimde jadyly galam. Yzymdan bakma, ugratmda, Beter synar göwün galam. Yza berýär, gamly köňle, Çäresizlik bagrym gemrip. Anbar ysly sähralarda Galjak men-ä birki günjük. Bagtygül TEKÄÝEWA.
Goşgular
|
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 377 |
Добавил: Bagty
| Теги:
| Рейтинг: 5.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
| Teswirleriň ählisi: 3 | |
|

0
1
Bagty
(11.09.2022 22:54)
163
Ine munyň başga gep @Nurdan dogan.
|

0
Goşgy setirleri şeýle bir ýüregumden turdy welin gaýtalap-gaýtalap okadym. Ömrüñ bolsun Bagtygül uýam! @Nurdan uýam sizi deñize-daglara çagyrýamy? :))) Sähra diýdiñizmi, ilki sähra geliñ:)))
|

0
3
Bagty
(12.09.2022 13:02)
163
@Gumlygelin sag boluň! Nesibe ilki sähra çekse sähra gideris ýa-da deňize, daglara gideris...
|
|
|
|